"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gadymyýetden galan yzlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistanyň orta asyr şäherleriniň we Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny öwrenmäge, ýazuw çeşmelerini we arheologik maglumatlary seljermäge aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher pähiminden dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly iki jiltden ybarat ensiklopedik kitaby şöhratly taryhymyza sarpa goýýanlaryň ýankitabyna öwrüldi. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Köýtendag sebitinde orta asyrlarda joşgunly durmuş dowam edipdir. Muny sebitde henize çenli saklanyp galan gadymy ýadygärlikleriň yzlary-da tassyklaýar. Köýtendag sebitiniň taryhy-medeni ýadygärlikleri arheologlar tarapyndan yzygiderli öwrenilip gelindi. Taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýew ylmyň häzirki ösüş tapgyrynda Amyderýanyň Kerki — Kerkiçi geçelgesi bilen Köýtendagyň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikleri geografik ýerleşişi boýunça üç sebite bölüp öwrenmek hem-de olary «Kerkiçi — Köýtendag etrap merkeziniň arasyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler», «Köýtendag etrap merkezi — Garlyk — Gurşun magdan käni şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» hem-de «Köýtendag etrap merkezi — Kelif şäherçesi aralygyndaky taryhy-medeni ýadygärlikler» diýip, şertli atlandyrmagyň maksada laýykdygyny belleýär.

Sarahs rowaýatlar ummanynda

Sarahs etraby ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň günorta-gündogarynda ýerleşip, gadymy döwürlerden bäri ol Merkezi Aziýanyň möhüm şäherleriniň biri hökmünde tanalypdyr. «Sarahs» adynyň gelip çykyşyna degişli taryhy ýazgylarda ýa-da halk döredijiliginde anyk maglumat az hem bolsa, onuň bilen baglanyşykly dürli rowaýatlar we halk arasynda dilden-dile geçip gelen birnäçe hekaýalar bar. Olaryň köpüsi suwuň we çölüň içindäki ýaşaýyş üçin möhüm orun eýelän bu ýer bilen baglanyşyklydyr.

Jeýhunyň ýakasyndaky ýadygärlikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitaby, Beýik Ýüpek ýolunyň ýurdumyzyň çägindäki täze ugurlaryny aýan etmek bilen birlikde, bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherlerdir galalaryň, kümmetlerdir düşelgeleriň, kerwensaraýlaryň täze bir toplumyny bize tanyşdyrýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky şol taryhy ýadygärlikler geçmişde ýaşan pederlerimiziň binagärlik sungatyna aýratyn ähmiýet berendiklerine güwä geçýär. Beýik Ýüpek ýoly Jeýhun derýasynyň çep we sag kenarlarynyň ugry boýunça geçipdir. Ol ýoldan agyr kerwenli täjirler, syýahatçylar, derwüşler gatnapdyrlar. Taryhy ýoluň ugrunda küňreli galalar, şäherlerdir obalar, kerwensaraýlar döräpdir. Häzirki wagtda olar baradaky taryhy maglumatlar ylmy taýdan öwrenilýär.

Şöhratly taryhymyza sarpa (Ýaşlar we Gadymyýetiň ýaňy)

Her bir halkyň özüne mahsus milli medeniýeti, däp-dessurlary bolýar. Türkmen topragy hem dünýä siwilizasiýasynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan gadymy mekandyr. Halkynyň taryhyna, medeniýetine, sungatyna sarpa goýýan we oňa düşünýän jemgyýetiň Watanyna, ulus-iline söýgüsi has-da belentdir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, olary kanuny esasda gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan ÝUNESKO bilen 1993-nji ýyldan bäri netijeli hyzmatdaşlyk saklap, 1994-nji ýylda «Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak baradaky» Konwensiýa goşuldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda hem medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda», «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem bu ugurda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni goraghanalar hereket edýär. Olar Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Dehistan, Gökdepe galasy ýaly has uly arheologik we binagärlik toplumlarynyň jemlenen ý

Bi­le­lik­dä­ki göz­leg­ler — tä­ze ta­pyn­dy­lar

22-nji no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça Türk­men-fran­suz ar­heo­lo­gi­k to­pa­ry­nyň (MAF­TUR) dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ka­ka et­ra­byn­da­ky ga­dy­my Ulug­de­pe ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­li­gin­den ta­py­lan ar­heo­lo­gik ta­pyn­dy­la­ry Şe­kil­len­di­riş sun­ga­ty mu­ze­ýi­ne gow­şur­mak da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Oňa iki ýur­duň ar­heo­lo­gi­ýa yl­my­ny öw­ren­ýän alym­la­ry, ta­ryh­çy­la­ry, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry, ta­lyp­lar hem-de dost­luk­ly döw­le­tiň ýur­du­myz­da­ky il­çi­ha­na­sy­nyň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­la­ryň bel­leý­şi ýa­ly, Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ga­dy­my ila­ty­nyň otu­rym­ly ýa­şaý­şa ge­çi­şi­niň, eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­niň eme­le ge­l­şi­niň we ösü­şi­niň ta­ry­hy­ny öw­ren­mek­de Türk­me­nis­ta­nyň ar­heo­lo­gi­k ýa­dy­gär­lik­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Şeý­le gym­mat­ly ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­re baý bo­lan­dy­gy we ola­ryň düýp­li öw­re­nil­me­gi­niň dün­ýä alym­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýän­di­gi göz öňün­de tu­tu­lyp, Türk­me­nis­ta­nyň ga­dy­my me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça Türk­men-fran­suz ar­heo­lo­gi­k to­pa­ry (MAF­TUR) dö­re­dil­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we Fran­s

Pa­ryz­de­pä­niň Änew me­de­ni­ýe­ti­ne de­giş­li gym­mat­lyk­la­ry

Pa­ryz­de­pe ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­li­gin­de 2024-nji ýy­lyň ýaz­ky ga­zuw-bar­lag iş­le­ri möw­sü­min­de bir­nä­çe tä­ze ta­pyn­dy­lar ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Şol ta­pyn­dy­lar esa­syn­da bu ýer­de ýa­şa­lan dö­wür­le­re, onuň mad­dy me­de­ni­ýe­ti­niň dö­wür­le­ýin ösü­şi­ni kes­git­le­mek­li­ge, ýer­li ila­tyň se­bi­tiň beý­le­ki otu­rym­ly ýer­le­ri bi­len gat­na­şy­gy­na, yk­dy­sa­dy-me­de­ni ösü­şi­ne de­giş­li kä­bir mag­lu­mat­lar anyk­la­nyl­dy. Ýa­dy­gär­li­giň iç­ki ga­la­syn­da me­de­ni gat­lak­la­ry­nyň stra­tig­ra­fi­ýa­sy­ny do­ly anyk­la­mak üçin onuň gü­nor­ta-gün­do­gar bö­le­gin­de ga­zuw-bar­lag meý­dan­ça­sy açyl­dy. Ozal ga­zy­lan bar­lag çu­ku­ry­nyň için­de mü­nüp-düş­mek üçin ýö­ri­te se­ki go­ýul­dy hem-de de­mir­ga­zyk-gün­do­gar bur­çun­da­ky 12-nji me­de­ni gat­lak­da­ky bö­le­gi aras­sa­la­nyp, 14-nji gat­la­gyň de­re­je­si­ne çen­li ýe­ti­ril­di. Pa­ryz­de­pe ýa­dy­gär­li­gin­de ga­zy­lan bar­lag çu­ku­ry­nyň umu­my çuň­lu­gy 16-njy gat­la­ga çen­li 8,5 met­re ýet­ýär.

Taryhyň janlanýan ýeri

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanyny elime alýaryn, onda şeýle jümleler bar: «...Onsoň Berdimuhamediň aýdany boldy: hakykatdanam, şaraňlap duran, polly-potolokly, täze tipli ak mekdep guruldy. Klaslaryň içine çäge suwag etdiler, soň agartdylar, partalary klaslara saldylar. Onsoň başga ýerlerden gelip okatjak mugallymlar üçin diýibem üç sany, hersi üç otagly jaý guruldy. Şolaryň birinde-de, ine, häzir otyrys. Bu jaýyň ähli ýerinde Berdimuhamediň eliniň yzy galandyr...».

Ykbalyny halka baglan akyldar

Türkmen akyldary, şahyry we görnükli döwlet işgäri Patyşa Hojanyň ajaýyp eserleri, bitiren işleri geçmişde jemgyýetçilik durmuşynda uly rol oýnapdyr. Muny Gahryman Arkadagymyz hem «Ömrümiň manysy» atly kitabynda belläp geçýär. Patyşa Hoja, takmynan, 1480 — 1570-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçýär. Ol Gökdepäniň Isbirden obasynda dogulýar. (Isbirden obasy Gökdepe etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çäklerinde ýerleşýär, ol etrap merkezinden 7 kilometr töweregi günbatardadyr). Ol bilim almak we gulluk-iş ýagdaýlary bilen baglanyşykly Mary, Samarkant, Buhara, Balh, Hyrat ýaly ýerlerde ýaşaýar. Şahyryň ýaşan zamanasy bolan XV asyryň aýagy, XVI asyr bütin Merkezi Aziýanyň syýasy wakalara baý döwri bolýar. Şeýle syýasy-jemgyýetçilik ýagdaýlaryň içinde ýaşan Patyşa Hoja özüniň bütin ömrüni, ylmyny, zähmetini halka bagyş edipdir. Ykbalyny halka baglan akyldaryň ömür-durmuşynyň pursatlaryna ser salanyňda, onuň hemişe halkyň durmuşynyň jümmüşinde bolandygyny duýmak bolýar. Ol halkyň ýaşaýşyny gowulandyrmak üçin döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik işlerine, döwlet dolandyryşyna gatnaşypdyr. Şahyr halka hyzmat etmegi, ejize-misgine goldaw bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Muny şahyryň «Gülzar» eserinde Hezreti Hoja Abdyllanyň adyndan getirýän sözlerinden hem görmek bolýar.

Şöhraty dünýä dolan Anew

2024-nji ýyl «Änew şäheri – türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Gadymy Änew şäheri taryha baý. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Änew irki eýýamlardan bäri adamzat ýaşaýşynyň, esasanam, ekerançylyk, daýhançylyk medeniýetiniň ilkinji dörän hem-de ösen merkezleriniň biri bolup durýar» diýip belleýär. Dünýä taryhynda Änew medeniýetiniň ady ak bugdaýyň ilkinji watany hökmünde şöhratlanýar. Änew şäherinden Kaka etrabyna gidýän ýoluň ugrunda uzakdan seleňläp görünýän iki arheologiýa depeleri şol gadymy däne galyndylarynyň tapylan arheologiýa ýadygärlikleridir. Änew arheologiýa ýadygärlikleri Aşgabadyň 12 kilometr gündogarynda ýerleşýär. Olar ýerleşişine görä ylymda «Demirgazyk Änew» hem-de «Günorta Änew» diýlip atlandyrylýar. Ine, şu arheologiýa depeleri ylma «Änew medeniýeti» diýlen düşünjäni goşdy. Onuň sebäbi, merkezi Änew depeleri bolan ençeme arheologiýa ýadygärliklerde bir döwürde medeni ösüşler bolupdyr. Olardan ýüze çykarylan tapyndylar bu ýerde özboluşly medeniýetiň dörändigini subut etdi. Şol arheologiýa depelerinde biziň eýýamymyzdan öňki 4 — 2-nji müňýyllykda medeniýet pajarlap ösüpdir. Ilat esasan ekerançylyk bilen meşgullanypdyr. Şoňa görä-de, bu medeniýeti döredijiler oba hojalyk zähmet gurallaryny, öý we hojalyk enjamlaryny kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler.

Änew medeniýetiniň keramika sungat eserleri

Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly we şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan meýilnama laýyklykda, gadymy Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi we şu ýylyň 27-nji martynda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli arheologlar, taryhçylar, gündogary öwrenijiler, professorlar we ýaş alymlar gatnaşdylar. Noýabr aýynyň 16-syna bolsa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy guralar. Gadymy Änew türkmen topragynyň irki medeniýetleriniň mekany hasap edilýär. Bu medeniýeti öwrenmek işi ilkinji bolup amerikan alymy R.Pampelli tarapyndan amala aşyrylýar. 1904-nji ýylda onuň ýolbaşçylygynda Änewiň demirgazygyndaky we günortasyndaky depelerde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirildi.

Gadymy Änew

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Mähriban topragymyzyň medeni gatlagynyň öwrenilip başlanyşynyň taryhyndan

Taryhda şu gün

1877-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Italiýanyň Wenesiýa şäherinde doglan Oliwýer 1908-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda gylyçlaşmak boýunça Italiýanyň ýygyndy toparynyň düzüminde kümüş medala mynasyp bolýar. Antwerpende geçirilen Oýunlarda 42 ýaşyndadygyna garamazdan, ol ýygyndy toparyň üstünligine uly goşant goşýar.

Geçmişiň şöhratly, geljegiň aýdyň

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly Türkmenistanyň çäginde hem birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir. Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp, gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygyny üpjün etdi. Beýik Ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumuň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden, Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşypdyrlar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösüpdir. Şol wagtlardan ga

Şährihaýbar ýadygärligi

Şährihaýbar orta asyrlarda günorta Türkmenistanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň Nusaý — Şährislam aralygyndaky iň iri duralga bolupdyr. Bu barada döwrüniň belli ýazarmany As-Samanynyň galdyran maglumatlarynda beýan edilýär. As-Samany: «Şährihaýbar Nusaýyň serhetýaka galalaryndan biridir, ol Horasanyň Horezm tarapynda ýerleşýän şäher bolup, «Rabat» diýip atlandyrýarlar. Ony Al-Mamunyň häkimlik eden döwründe Horasanyň emiri Abdylla ibn Tahyr gurdurypdyr» diýip ýazýar. Gurluşy boýunça bu ýadygärlik üç bölekden (erk, şähristan we rabat) ybaratdyr. Onuň içki galasynyň beýikligi, takmynan, ýeriň derejesinden 10-11 metre, ýadygärligiň üstüniň diametri 60 — 70 metre barabar bolup, tegelek görnüşlidir. Depäniň ähli tarapynyň eňňitleri hem belli bir derejede kert bolup, diňe günbatar tarapy birneme ýapgytdyr. Ol depäniň çygrynda has giňäp gidýär. Galanyň günbatar tarapyndaky peslikde bişen kerpiçleriň bölekleri köp jemlenipdir. Şeýle hem üstünde syrçasyz, düşegi dürli reňkler bilen bezelip nagyşlanan syrçaly küýze gaplaryň bölekleri köp duşýar.

Şähryslam ýadygärligine syýahat

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan etrabyň çägindäki Şähryslam taryhy ýadygärligine syýahat guraldy. Oňa taryh mugallymlary we mekdep okuwçylary gatnaşdy. Syýahata gatnaşanlar taryhy künjege gyzyklanma bilen aýlanyp, Şähryslamyň taryhy barada halypa mugallymlaryndan gyzykly maglumatlary aldylar. Şähryslam ady bilen tanalýan bu gadymy ýadygärlik, halk arasynda Täk gala ady bilen hem meşhurdyr. Taryhy galanyň binagärlik gurluşy we taryhy ýakymly duýgulary döretdi.

Wenesiýadan gözbaş alan äýnek

Häzirki wagtda kompýuter asyryna gadam basmagymyz bilen tehnologiýa enjamlarynyň durmuşymyza giňden ornaşandygy üçin gözümize düşýän kynçylyk barha köpelýär. Şol sebäpli hem, görüşimizi gowulandyrýan enjamy – äýnegi dakynmaklyk biz üçin adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu enjamyň häzirki görnüşine gelýänçä köp taryhy ýoly geçendigi hemmämize mälim bolsa gerek. Geliň, bu zerur enjamyň gysgaça taryhyna göz aýlalyň. Taryhyň syrly gatlaryna ser salsak ilkinji äýnekler gadymy Wenesiýa döwletinde ýasalypdyr. Alymlar bu hakykaty birnäçe delilleriň üsti bilen subut edýärler. Aslyýetinde, äýnegiň esasy bölegi hasaplanýan aýnanyň geçmiş taryhy b.e. öňki III asyra degişlidir. Bu ugurda barlag geçiren alymlar gadym (antik) döwrüň adamlarynyň optika ylmyndan baş çykaryp, aýnanyň käbir görnüşleriniň töwerek-daşdaky zatlary ulaldyp görkezýändigini anyklandyklaryny öz eserlerinde belläp geçipdirler.

Şöhratly döwlete degişli tapyndy

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinde VI-VII asyrlarda höküm süren Göktürkmenleriň döwleti barada gyzykly maglumatlar getirilýär. Bu gymmatly eseriň bir ýerinde: «Gök Taňra uýýanlara tä yslama çenli «göktürkmenler», «gökoguzlar» diýlipdir» diýen setirler beýan edilýän bolsa, ýene bir ýerinde Oguz handan miras galan söweş däpleriniň, berk düzgün-nyzamlylygyň, ynanç-ygtykatlaryň göktürkmenlerde hem dowam edendigi barada aýratyn bellenilip geçilýär. Şöhratly taryhymyzdaky iň beýik döwletleriň biri bolan Göktürkmenleriň döwleti Bumyn han tarapyndan esaslandyrylypdyr. Häzirki wagtda Mongoliýanyň çäklerinde gorag astynda saklanylýan türkmen diliniň iň gadymy ýadygärligi bolan Oguz-Orhon daş ýazgylarynyň hem Göktürkmenler döwrüne degişlidigini bellemek gerek. Göktürkmenleriň şine haty görnüşindäki elipbiýinde biziň günlerimize çenli gelip ýeten daşyň ýüzüne ýazylan ýazgylar ösen heýkeltaraşlyk sungatynyň bolandygyndan habar berýär. Bu döwleti berkitmekde uly işleri bitiren serkerdeler Külteginiň, Bilge hanyň, Tonýukukyň gahrymançylyklary Oguz-Orhon daş ýazgylarynda öz beýanyny tapypdyr. Bu daş ýazgylarynda 33 ýaşynda Göktürkmen döwletiniň beýik hany bolan Bilge hanyň meşhur: «Eý, oguz-türkmen begleri, millet, eşidiň; ýokarda Gök çökmese, aşakda ýer dilinmese, türkmen milletiňi, iliňi, kanunyňy kim bozup biler?!» diýen sözleri asyrlar aşyp, häzirki döwre çenli gelip ýe

Taryha baky siňen hytaý şahyry

Tan dinastiýasy döwründe ýaşap geçen Du Fu (712 — 770 ý.) Hytaýyň iň meşhur şahyrlarynyň biridir. Ol şahyr Du Şanýanyň agtygydyr. Onuň miras goýan şygyrlarynyň sany 1400-den geçip, dürli tema degişlidir. Hatda hytaý edebiýatçylary häli-häzir hem onuň goşgularynyň golýazmasyny öwrenip ýörler. Aslynda, şahyr entek çaga mahaly aýratyn zehini, ýatkeşligi bilen öz deň-duşlaryndan tapawutlanmagy başarypdyr. Ol kitap okamagy juda halaýan eken. Eýýäm ýedi ýaşynda goşgy ýazyp başlapdyr. On bäş ýaşyna ýetende bolsa halk arasynda tanalyp ugrapdyr. Ol ýaş wagty Hytaýyň köp ýerine syýahat edipdir. Bu hem onuň tebigat bilen bagly gören-eşidenlerini beýan etmegine, ol temanyň döredijiliginde has ösmegine ýardam edipdir. Hatda Du Fu öz döwründe köşk şahyry hem bolupdyr. Bu onuň ylym-bilimden sowady ýetik adam bolandygyny görkezýär.

Türk­men ta­ry­hyn­dan pur­sat­lar da­şa­ry ýurt ne­şir­le­rin­de

Öz­be­gis­ta­nyň Me­de­ni mi­ra­sy öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we ýaý­rat­mak bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýy­lyň 23 — 26-njy aw­gus­ty ara­ly­gyn­da Sa­mar­kant şä­he­rin­de «Beýik ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mi­ra­sy — Üçünji Gal­ky­nyş döw­rü­niň binýady» at­ly VIII hal­ka­ra kong­res ge­çi­ril­di. Bu tas­la­ma­nyň çä­gin­de Öz­be­gis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy­na de­giş­li dün­ýä mu­zeý­le­rin­de sak­lan­ýan gym­mat­lyk­lar ba­ra­da uly möç­ber­li, ýo­ka­ry hil­li ki­tap-al­bo­my yzy­gi­der­li çap edil­ýär. Kong­re­siň do­wa­myn­da dür­li ýurt­la­ryň mu­zeý­le­ri­niň bi­le­lik­de ne­şir eden 10 jilt­li ki­tap­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Ola­ryň bir jildi Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň yl­my iş­gär­le­ri­niň öz­bek kär­deş­le­ri bi­len bi­le­lik­de iş­le­me­gin­de ça­pa taý­ýar­la­nyp, «Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň top­la­ma­sy» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu ki­tap­da Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­la­ryn­da sak­la­nyl­ýan öz­bek zer­gär­çi­lik eser­le­ri hem-de ly­bas­la­ry ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat be­ril­ýär. Öz­be­gis­ta­nyň Me­de­ni mi­ra­sy öw­ren­mek, go­rap sak­la­mak we ýaý­rat­mak bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä jem­gy­ýe­ti ta­ra­pyn­dan çap edi­len ki­tap­la­ryň ýe­ne bir jil­di Da­ni­ýa­nyň Mil­li mu­ze­ýi bi­len bi­le

Soltan Sanjaryň teňňeleri

Türkmen halky gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şöhratly taryhynyň dowamynda Änew, Marguş, Nusaý, Paryzdepe, Şähryslam, Şährihaýbar, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Sarahs, Abiwerd ýaly ençeme medeni ojaklary döredip, umumadamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen türkmen topragynda dörän köp sanly medeni ojaklarda öz döwrüniň meşhur alymlary, akyldarlary, söz ussatlary, ylmyň we edebiýatyň ösmeginde mynasyp hyzmatlary bitirip, gymmaty egsilmejek hazynany nesillere baky miras galdyrypdyrlar. Şoňa görä, halkymyzyň buýsanja beslenen taryhyny, edebi mirasyny, ägirt uly döwletlere hökümdarlyk eden beýik şahsyýetlerimiziň milletimiziň öňündäki hyzmatlary baradaky maglumatlary halk köpçüligine ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Beýik Seljuk döwletiniň iň soňky hökümdary Soltan Sanjar 21 ýyl Horasynyň mäligi, 39 ýyl bolsa ähli Seljuk türkmen döwletiniň soltany bolupdyr. Ol döwlet dolandyrmak boýunça baý tejribe toplapdyr. Soltan Sanjar döwlet işinden örän oňat baş çykarýan, ylym-bilime ýokary baha berýän hökümdar bolupdyr. Onuň soltanlyk eden döwründe medeniýet, sungat pajarlap ösüp, durmuş ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlupdyr. Soltan Sanjaryň köşgünde iň meşhur şahyrlar, alymlar ýetişipdir. Emir Muizzi «Seýr-e fotuh Soltan Sanjar», Ali Kazwini «Mäfahirul etrak» atly kitaplaryny hut Soltan Sanjara bagyşlap ýazypdyr