Wenesiýadan gözbaş alan äýnek

5 Noýabr 2024
322

Häzirki wagtda kompýuter asyryna gadam basmagymyz bilen tehnologiýa enjamlarynyň durmuşymyza giňden ornaşandygy üçin gözümize düşýän kynçylyk barha köpelýär. Şol sebäpli hem, görüşimizi gowulandyrýan enjamy – äýnegi dakynmaklyk biz üçin adaty ýagdaýa öwrüldi. Bu enjamyň häzirki görnüşine gelýänçä köp taryhy ýoly geçendigi hemmämize mälim bolsa gerek. Geliň, bu zerur enjamyň gysgaça taryhyna göz aýlalyň.

Taryhyň syrly gatlaryna ser salsak ilkinji äýnekler gadymy Wenesiýa döwletinde ýasalypdyr. Alymlar bu hakykaty birnäçe delilleriň üsti bilen subut edýärler. Aslyýetinde, äýnegiň esasy bölegi hasaplanýan aýnanyň geçmiş taryhy b.e. öňki III asyra degişlidir. Bu ugurda barlag geçiren alymlar gadym (antik) döwrüň adamlarynyň optika ylmyndan baş çykaryp, aýnanyň käbir görnüşleriniň töwerek-daşdaky zatlary ulaldyp görkezýändigini anyklandyklaryny öz eserlerinde belläp geçipdirler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.