Şorlaşan ýerleriň özleşdirilişi: ylmy barlaglar, oňyn netijeler

9 Noýabr 2022
1422

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň oba hojalyk, daşky gurşawy goramak ulgamynda hem giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu ugurda öňde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, suwdan rejeli peýdalanmak, ýerleriň ulanylyş medeniýetini kämilleşdirmek, şeýle-de olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda düýpli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şolaryň hatarynda çölleşme hadysasyna garşy göreşmek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak, şorlaşan ýerleri özleşdirmek boýunça görülýän çärelerdir alnyp barylýan ylmy-barlag işleri-de öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Biz hem şular barada gyzyklanyp, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň Biodürlülik barlaghanasynyň müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Baýrammyrat DURDYÝEW bilen söhbetdeş bolduk.

— Baýrammyrat aga, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, adamlaryň ekologik medeniýetliligini ýokarlandyrmaga, ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri tarapyndan alnyp barylýan işler barada gürrüň beräýseňiz!

Söhbetdeş bolan Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».