Daşky gurşawy goramak — ählihalk işi

20 Oktýabr 2021
1653

Ýer ýüzüniň ýurtlarynyň tagallalarynyň birleşdirilip, aýgytlaýjy çäreleriň alnyp barylmagyny talap edýän daşky gurşawy gorap saklamak meselesi häzirki wagtda bütin dünýäniň iň bir wajyp meseleleriniň birine öwrüldi. Biziň ýurdumyzda hem bu meselä uly üns berilýär. Amatly daşky gurşawyň, ilatyň saglygynyň goragyny, atmosferanyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagyny, ekologik ulgamlaryň durnukly işlemegini, tokaýlary köpeltmegi we ýer-suw gorlaryny, ösümlik dünýäsiniň baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy üpjün edýän milli kanunçylygymyz bilen halkara hukugyň kadalaşdyryjy hukuk namalary utgaşdyrylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly durmuşa ornaşdyrylýar. Döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlyga goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edip, BMG-niň ekologiýa howpsuzlygy meseleleri boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyzda «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Balyk tutmak, suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň giň gerime hem-de toplumlaýyn häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunlar ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyna adamlaryň abadan durmuşynyň esasy şertleriniň biri hökmünde üns berilýändigine güwä geçýär.

Rahmanberdi ANNADURDYÝEW,
Balkanabat şäheriniň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.