Belentde ganat ýaýýan guşlar

26 Awgust 2021
2783

Dünýäde juda belentlikde uçýan guşlar bar. Olar şeýle uçuşy gyşlamaga gidende ýa-da gündelik iýmit gözleginde amala aşyrýar. 6000 metr belentlikde kislorod ýetmezçiligi, Günüň yssy howry, güýçli sowuk ýel akymlary bolsa-da, bu kynçylyklar ol guşlar üçin hiç bir böwet bolup bilmeýär. Guşlaryň şeýle howa şertlerine nädip döz gelýändigini anyklamak heniz alymlara başardanok. Geliň, belentlikde gaýýan perrendeleriň içinde öňdäki orunlary eýeleýän onluk bilen tanyş bolalyň!

1. Ak leglek (Ciconia ciconia). Uzyn boýunly, açyk çüňkli bu guşuň ganatynyň gerimi 150-200 santimetre ýetýär. Her ýyl maýyl ýerlere göçüş edende, ak leglek 2-3 müň metr belentlikde uçýar.

Eziz GELDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».