Düýäniň önümi isripsiz baýlykdyr

16 Awgust 2021
3294

Biziň ýurdumyzda bir örküçli arwana düýeleri giňden ýaýrandyr. Pederlerimiziň durmuşynda düýe diňe bir ynsanyň güzeran aýlamakdaky ýakyn ýardamçysy bolmakdan başga-da, onuň süýdi-çaly, agarany, eti azyk-owkatlyk bolupdyr. “Düýe malynyň yrýa zady ýok” diýlişi ýaly, onuň derisinden çaryk, çokaý tikipdirler. Halkymyzyň söýer maly bolan düýäniň ýüňi mukaddes hasaplanýar.

Düýäniň iki görnüşli ýüňi bolup, biri irimçik — üstki, beýlekisi mymyjak, ýumşak — tenine ýakyn ýerleşendir. Düýe ýüňüniň aýratynlygy onuň sowukdan, yssydan goramak ähmiýeti bilen baglydyr. Ýumşak ýüň düýäniň endamyny elmydama belli bir ýylylykda saklaýar. Günüň aşagynda gyzgynlyk 50--60 derejä ýetse-de, düýäniň endamynyň gyzgynlygy 40 derejeden ýokary bolmaýar. Bu bolsa düýäniň ýüňüniň beýleki mallaryňkydan tapawutlanýandygyny görkezýär. Düýe ýüňi goýnuň ýüňünden birnäçe esse ýeňildir. Tebigatyň şeýle ajaýyp peşgeşinden enelerimiz gadymdan bäri inçejik egrip, mata dokap, erkek kişiler üçin don-çäkmen tikipdirler. Ol don “agarçäkmen” ady bilen meşhurdyr.