Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, hususy telekeçilik häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we jemgyýetiniň durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi düzüminde 26 müňden gowrak agzany birleşdirýär. Şeýlelikde, birleşmäniň düzüminde aýratyn birleşikleriň döredilmegi onuň işiniň has täsirli we maksatly bolmagyna kömek edýär.