Hoşniýetliligiň we parahatçylygyň diplomatiýasy

19 Mart 2021
1286

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň aýdyň ýoly bilen üstünlikli öňe barýan Türkmenistanyň diplomatiýasy daşary syýasatyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine berk eýermek bilen, häzirki zamanyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky täsirli ornuny barha berkidýär. Ählumumy ykrar edilen halkara hukugynyň, deňhukuklylygyň we özara hormat goýmagyň kadalaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esaslarynda sebit we dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen gatnaşyklaryny barha giňeldýär.

Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak dürli jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň mazmunynda wajyp orun eýeleýän asylly ýörelgeler bolup durýar. Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bu ýörelgelere çuň many-mazmun beripdir. Ýurdumyzyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde durmuşa geçirilýän işjeň diplomatiýanyň möhüm bölegine öwrülmek bilen, halkara gatnaşyklaryň häzirki zaman derwaýys meselelerine oňyn täsir etmegiň, syýasy we hukuk taýdan netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze mümkinçilikleriniň döredilýändigini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda: «Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we goşmagyny dowam edýär» diýip bellemegi, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, dünýä döwletleri, goňşy ýurtlar, şeýle hem halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini tassyklaýar. Ýurduň esas goýujy binýatlarynyň sazlaşykly we netijeli işlemegi, halkyň asudalygynyň mizemezligi döwlet gullugynyň we dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň hünär ussatlygy, bilim we hukuk düşünjeliliginiň derejesi bilen aýrylmaz baglydyr.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar