«Mert çykar myhmana güler ýüz bilen»

4 Iýul 2021
805

Paýtagtymyzda kaşaň «Arkadag» myhmanhanasy açyldy

Ertekilerde kyrk derwezeli şäherler, olaryň läle-reýhanly çarbaglary, bagtyýar ilaty barada telim öwra okalandyr. Erteki ertekiligine galýar. Ondaky arzuwlar garramaýar. Wagt bolsa ähli zada öz täsirini ýetirýär. Biz häzir şol arzuwlaryň ertekiden çykyp, hakyky durmuşda hasyl bolýan döwründe ýaşaýarys. Şeýle döwrüň keşbine bolsa ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Sebäbi paýtagtyň keşbinde döwletiň ykdysady kuwwatynyň maddy keşbi öz beýanyny tapýar.

Muhammet BEKGIÝEW.