Ylym — bagtyýarlygyň gözbaşy

14 Iýun 2021
939

Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Ylymlar güni mynasybetli paýtagtymyzda eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly iki günlük halkara ylmy maslahat geçirildi. Forum Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ylymlar akademiýasy tarapyndan guraldy. Maslahatyň açylyş dabarasy Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirildi. Bu ýerde täzeçil tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Maslahata gatnaşyjylara ylmy-tehniki döredijiligiň, talyp ýaşlaryň gazanan üstünlikleri görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de şu halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy ruhubelentlik bilen diňlenildi. Milli Liderimiziň Gutlagynda, hususan-da: «Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar» diýlip bellenilýär.