Sanly bilim ulgamynyň gadamlary

16 Iýun 2021
1177

Täze sepgitlere ýetilýär

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi, bu ugurda dünýä boýunça baý tejribä eýe bolan döwletleriň gazananlarynyň, giňden ornaşdyrylmagy, bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy okuw işinde täze mümkinçilikleri döredýär. Okuwçylara bilim bermekde, öwretmekde sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, ýaşlary diňe bir zähmet ýoluna taýýarlamak bilen çäklenmän, döredijilikli pikirlenmäge ukyply, sanly tehnologiýalardan baş çykarýan täze nesli kemala getirmekden hem ybaratdyr.