Körpelerde kitaplara söýgi döredýäris

26 Mart 2021
1011

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bilimli, arassa ahlakly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmek bolup durýar. Çünki şahsyýetiň kämilligi, ilkinji nobatda, terbiýeden gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiz ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, milli medeni mirasymyzyň aýratyn orun tutýandygyny hemişe nygtaýar. Şonuň üçin hem biz körpelere terbiýe bermekde bu ugra aýratyn üns berýäris.

Körpelere çeper eserleri, ertekileri okap bermek, eserleriň gahrymanlary hakynda düşünje bermek, şol gahrymanlaryň keşplerini janlandyryp görkezmek olaryň ukyplaryny ösdürmäge ýardam edýär. Milli terbiýede ene diliniň, edebiýatyň, aýdym-sazyň, şekillendiriş sungatynyň hyzmaty örän uludyr. Bu zatlaryň ählisi çaganyň dünýägaraýşynyň ösmegine hem-de onuň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär.

Akbäbek SEÝIDOWA,
Balkanabat şäherindäki 44-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulçysy.