Geljegimiziň berk binýady

25 Mart 2021
1047

Adamzat döräli bäri özüniň ýaşaýyş şertini, durmuşda tutýan ornuny kämilleşdirmäge ymtylypdyr. Kämilleşmek üçin bolsa, hökman, ösen ylym bilen milli medeniýete salgylanmak gerek. Hut şu gymmatlyklary ösdürmegi ündeýän Gahryman Arkadagymyz «Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda: «Meniň baş maksadym dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny size elýeterli etmekden ybaratdyr» diýip bellemek bilen, Watanymyzyň beýik geljegini ylymly ýaşlarda görýär.

Biz hem şol ýol-ýörelgeleriň adamyň şahsyýet bolup kemala gelmegine ýardam edýän gylyk-häsiýetlerini içgin öwrenip, ony ýaş nesillerimize geçirmelidiris. Türkmen halkynyň çuňňur baý medeni mirasy bar. Ýaş nesliň terbiýesinde-de şol medeni mirasymyzyň aýratyn orny bardyr. Her bir edim-gylymynda, milli terbiýesinde merdi-merdanalygy, dogruçyllygy, halallygy ündeýän halk döredijiliginden ertekilerimizi alanymyzda-da, halkymyzyň çaga terbiýesine irgözinden başlaýandygynyň şaýady bolýarys.

Maksat ÇARYÝEW,
Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň işgäri, polisiýanyň maýory.