Goç ýigidiň dosty, göwün syrdaşy,
Halallyga hemdem bolan alabaý.
Batyrlykda hem-de gaýduwsyzlykda,
Ynsanpisint adyn alan alabaý.
Köpler seni mährem dost diýip bilýär,
Aslyňa guwanyp, hem söýüp bilýär.
Eýesi seretse, sözsüz düşünýär,
Gadymýetden aşyp gelen alabaý.