Kerwensaraý kyssalary

11 Mart 2021
864

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň 12-nji fewraldaky sanynda)

— Ylym gowy. Ylmy dargytsaň köpeler, maly dargytsaň, ýiter, ýok bolar.
— Ylym gowy. Ylym seni şähere, mal seni çöle äkider.
— Ylym gowy. Ylmyň köpeldigiçe dünýäň giňär, malyň köpeldigiçe dünýä sygmajak bolup başlarsyň.
— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, ol seniň daşyň goragçysy bolar, malyň köpelse, sen onuň sakçysy bolmaly bolarsyň.
— Ylym gowy. Ylmyň köpelse, dostuň-ýaryň köpeler, malyň köpelse — duşmanyň.
— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden gidende: “Hazyna gitdi, köp zadyny özi bilen alyp gitdi” diýerler, bu — hakykatdyr. Maly köp ähli baýlygyny goýup gider.
— Ylym gowy. Ylmy köp dünýäden ötse, şägirtleri onuň baýlygyny jemlejek bolarlar, köpeltjek bolarlar, maly köp dünýäden öter welin, onuň malynyň üstünde dawa başlar.

Ahmet HALMYRAT,
ýazyjy.