Ene hüwdüsi

5 Mart 2021
789

Ak süýt bilen orun alan ganymda,
Baky hemram bolan ene hüwdüsi.
Aýdym bolup, ýaňlanyp dur aňymda,
Baky hemram bolan ene hüwdüsi.

Sallançagmyň bagyn çeken elleri,
Asala ýugrulan süýji dilleri,
Ýada salýar şol eşretli günleri,
Baky hemram bolan ene hüwdüsi.

Döwlet GURBANGELDIÝEW.