Ene ýüregi

3 Mart 2021
840

Ene ýüz ýaşasa-da, öz balalarynyň gorag galasy bolýar. Näzik eje-de baryny-baýlygyny, zähmetini, yhlasyny balalaryna siňdirip, 3 ogul, 3 gyzy terbiýeläp, öýli-işikli edip, il hataryna goşdy. Olaryň indi hersi bir öýüň eýesi boldy.

Näzik eje ertiriň arassa howasyndan dem alyp, daş-töweregiň gözelligini synlap otyrka, uzaklarda ýaşaýan ogly dynç güni gezmäge barmakçydygyny telefon üsti bilen aýtdy. Ol habary eşidip, enäniň ýüzünde şatlyk alamatlary uçganaklap, çagalarynyň jem bolup, saçak başynda oturanlaryny göz öňüne getirip, pikir ummanyna çümdi.