Nämähremiň ýüzüne seretmedik

3 Mart 2021
678

Öňki zamanlarda bir ýurduň patyşasy näsaglapdyr. Ne-hä tebipler, ne-de köşk emeldarlary onuň derdiniň emini tapypdyrlar. Düşege baglanyp, dert çekip ýatmakdan halys ýadan patyşa bir gün müneçjimlerini, gurrandazlaryny ýanyna çagyryp, derdine em tapmasalar başlarynyň ölümli, mallarynyň talaňly boljakdygyny, eger aýak üstüne galdyrsalar serpaý ýapjakdygyny aýdypdyr. Müneçjimler, gurrandazlar maslahat edip, şeýle netijä gelipdirler.

Nämährem erkek kişiniň ýüzüne seretmedik, arassa, päk aýaly patyşanyň üstünden üç gezek ätletmeli. Olar jar çekip, bu habary ähli halaýyga ýetiripdirler. Bu habary eşiden bir aýal ogluny ýanyna alyp, patyşanyň huzuryna barýar. Olar baranda patyşa bimar bolup, gözüni ýumup ýatan eken. Ýaňky aýal “Bissimilla” diýip, patyşanyň üstünden birinji gezek ätleýär. Emma patyşanyň şol bir ýatyşy, hiç hili yşarat bolmaýar. Aýal ikinji gezek ätlände, patyşa gözüni açýar. Üçünji gezek ätlände bolsa, patyşa ýatan ýerinden turýar, ýagdaýy gowulaşýar. Bu wakany synlap duran köşk emeldarlary bu aýala sorag berýärler: