Ynsan kalbynyň öçmejek nury

1 Mart 2021
707

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm resminamalara, şol sanda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek hakynda degişli Karara gol çekmegi il-ulsumyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Bu senäniň ýokary guramaçylykda bellenip geçilmegi akyldar şahyrymyzyň ömrüni we döredijiligini, pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlaryny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de dünýäde wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir.

Aslynda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi diýmek, tutuş türkmen nusgawy edebiýaty diýmekdir. Çünki ol özüniň ajaýyp şygyrlary bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutdy, çuňňur ynsanperwerlige eýlenen pikirleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna adyny ebedilik ýazdyrdy.

Jahan ESENOWA,
Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.