Çopan haky

24 Fewral 2021
966

Gadymy zamanlarda bir çopan bar eken. Ol bir baýyň goýnuny bakar eken. Günlerde bir gün baý bahana arap, ýaňky çopany boşadyp, eden hyzmaty üçin hem ujypsyzja hak beripdir. Çopan: «Bu gazanjym bilen maşgalamyň arasyna dolansam, iýer-geýere-de ýetjek däl. Gowusy, men başga iş gözläýin. Bujagaz gazanjymy bolsa bir ynamdar adama saklamaga bereýin» diýip, pikir edipdir.

Soňra ol: «Ähli dawa-jenjeli çözmegi kaza ynanýarlar. Menem puly wagtlaýyn saklap bermegi şondan haýyş edeýin» diýipdir-de, baýdan alan hakyny kaza tabşyrypdyr. Özi hem gidip, başga bir baýa çopan bolupdyr. Onuň dowarlaryny bakypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndan.