Tymsallar

24 Fewral 2021
729

BAÝGUŞUŇ JOGABY

Ýer ýüzündäki ähli janly-jandara hökümi ýörän Süleýman pygamber günlerde bir gün akla sygmajak işiň başyny tutmakçy bolupdyr. Oňa aýaly: “Ýerden diregsiz, gökden örksüz howada gaýyp ýören bir ajaýyp köşk edip beräýseň” diýipdir. Ol hem şu işi nädip bitirjegini bilmän kän oýlanypdyr. Ahyrsoňy-da guşlaryň ýeleginden gurup bolar diýen netijä gelip, ähli guşlaryň öz huzuryna gelmegini talap edipdir. Laçyn bu permany ýaýradypdyr welin, ilki bilen ýarganat gelipdir. Gele-gelmäne-de ýaranjaňlyk edip: “Men howlugýan” diýen bolup, perini sypyryp goýup gidipdir. Bu işiň soňunyň nähili boljagyna garamadyk ýalynjaň şeýdip ömürlik ganat-perinden jyda düşüpdir...