Hekaýatlar — ruhy-ahlak çeşme

16 Fewral 2021
1052

Halk döredijiligi ertekiler, mifler, efsanalar, rowaýatlar, şorta sözler ýaly birnäçe görnüşleri öz içine alýar. Bu žanrlaryň iň gadymy görnüşleriniň biri-de hekaýatlardyr. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» kitabynda: «Halk döredijilik eserleriniň ýaremezan, erteki, rowaýat, hekaýat, tymsal, dessan, epos... ýaly görnüşleriniň hem halkymyzyň ruhy medeniýetini öwrenmekde we ýaş nesli terbiýelemekde ähmiýeti bimöçber uludyr» diýip jaýdar belleýär.

Alym R. Rejebow «Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi» atly ylmy işinde hekaýat diýip nusgawy edebiýatda öwüt-nesihat mazmunly, gowy adamçylyk häsiýetlerini ündeýän goşgy, köplenç mesnewi bilen ýazylan eserlere aýdylýandygyny belleýär.

Hydyrguly GYLYÇHANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty