Ruhubelentlige beslendi

15 Fewral 2021
735

Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. «Şatlyk goşup göwünleriň şadyna, alkyş ýagýar Arkadagyň adyna» diýen at bilen geçirilen çärä Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň işgärleri hem-de mugallymlar gatnaşdylar.

Ýaşlar — ýurdumyzyň röwşen geljegi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylymly, bilimli, ruhubelent, berk bedenli, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Munuň üçin ösüşlere beslenýän Diýarymyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilen. Şol şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp bilim alsaň, saýlan hünäriň eýesi bolup, tutanýerli, halal zähmet çekseň, üstünliklere, belent sepgitlere ýetip bolýar.

Bägül KERIMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Magtymguly etrap birleşmesiniň hünärmeni.