Arkadagyň bagt şäheri Aşgabat

15 Fewral 2021
1054

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Ykdysady taýdan gülläp ösýän Watanymyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň milli äheň çaýylan binagärlik keşbi ençeme gezek Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bular mähriban halkymyzyň, aýratyn hem, ýaşlarymyzyň kalbyny joşdurýar. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň biri-birinden gözel binalary, ajaýyp şaýollary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, täsin suw çüwdürimleri, dürli görnüşli güller sazlaşykly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär.

Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, parahatçylygy döredijiligiň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli işler, syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Halkara derejesindäki möhüm çäreleri geçirmek üçin ähli şertlere eýe bolan häzirki zaman binalar toplumlarynyň gurulmagy paýtagtymyzyň özboluşly ösüşidir.

Ýazgül KURTÖWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.