«Ýer göteren sary öküz...»

28 Ýanwar 2021
1478

Halkymyzda öküz zähmetsöýerligiň, rysgal-berekediň, bol hasylyň nyşany hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, öküz nesilbaşymyz Oguz hanyň oňonydyr. Muňa Altyndepeden tapylan altyndan guýlan öküz kellesi şaýatlyk edýär. Onuň gözleri we maňlaýyndaky ýarym aýyň şekili ýakut daşlaryndan ýasalandyr.

Gadymy rowaýatlarda gojaman Ýer şaryny bir äpet öküziň göterip durandygy hakynda aýdylýar. Magtymguly Pyragy hem bu barada «Ýer göteren sary öküz, bilmen niçe ýaşyndadyr» diýip, belläp geçýär. Öküz bilen bagly düşünjeler, adalgalar we sözler oguzlaryň gadymy ynam-ygtykady arkaly halkymyzyň ruhyýetine berk ornaşypdyr. Muňa näçe diýseň mysal getirmek mümkin. Halkymyz asmandaky ýyldyzlar toparynyň birini «Öküz» diýip atlandyrýar. Öküziň sinonimi bolan «Buga» sözüni halkymyzda täze dünýä inen oglanjyklara at hökmünde dakmak hem ýörgünlidir. «Gorkut ata» eposynyň «Bugaç han Derse han oglunyň boýy» atly boýunda öküz bilen söweşip, Bugaç adyna mynasyp bolan ýigit hakyndaky tymsaly okanyňda, dünýä halklarynyň medeniýetine ornaşan öküz bilen söweşmek sungaty bolan korridanyň taryhy kökleriniň biziň ülkämizden gaýdandygyna ynanasyň gelýär. Gadymy grek rowaýatlarynda Geraklyň hem öküz bilen söweşişi beýan edilýär.

Gurban GURBANOW,
«Daşoguz habarlary».