Belent borç

25 Ýanwar 2021
1120

Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watany goramak biziň borjumyzdyr» atly sergi öz işine başlady. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, bu sergi Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanýar.

Sergini guramaga maýor Maksatmyrat Tekäýew tarapyndan serkerdelik edilýän harby bölümi ýakyndan ýardam berdi. Dürli gymmatlyklary özünde jemlän sergide hormatly Prezidentimiziň watançylyk temasyna bagyşlanan dürdäne eserlerine aýratyn orun berilýär. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweş ýoly, harby durmuşy bilen bagly gyzykly maglumatlar ünsüňi özüne çekýär.

Ogulgerek AGAJANOWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. Surata düşüren Merdan ORAZOW.