Watan ýürekden başlanýar

13 Ýanwar 2021
1329

Watan, hakykatdanam ýürekden başlanýar. Adam öz eziz görýän gymmatlyklaryny ýüreginde saklaýar. Watan bolsa şeýle gymmatlyklaryň iň arzylylarynyň, iň mukaddesleriniň biri. Özi-de, özünden aýry bolmadyk gymmatlyk. Hakyky watansöýüji ynsan, Watanyň, ilki bilen, ata-babalarymyzdan galan mukaddes mirasdygyna kemsiz akyl ýetirýär. Hawa, Watan — bize merdana pederlerimizden galan miras, Watan — biziň nesillerimize galdyrjak mukaddesligimiz. Şonuň üçin, Watan hakyndaky pikirlerdir garaýyşlar, sözlerdir setirler howaýy bolmaly däldir. Çünki Watan düýnümiz, şu günümiz, ertirimiz. Düýn, şu gün, ertir bolsa, ömür diýmekdir. Eziz Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ömrüň manysy — Watanyň parahatçylygynda. Adamyň ömürboýy edýän yhlasynyň özeninde Watan baradaky alada bar. Watanyň gymmaty ömürboýy eden yhlasyň bilen ölçärden hem ýokardadyr.

Her adamyň süňňüniň öz topragyndan alnandygy hakynda tymsal bar. Hakykatdanam, adam öz topragyna meňzeş. Topragyna mahsus bolan aýratynlyklaryň ählisi onuň hüý-häsiýetinde kemal tapýar. Edil şonuň ýaly damarynda türkmen gany aýlanýan kişiniň edim-gylymy-da mukaddes topragymyza kybap. Agraslyk, agramlylyk, sahylyk, halallyk, merdanalyk, edermenlik — ine, türkmen topragy hakynda pikir edeniňde ilki seriňe gelýän häsiýetler. Hut şolar hem biziň milletimiziň iň bir görnükli edim-gylymlarynyň, hüý-häsiýetleriniň özenini düzýär.

Ýagşymyrat NURYÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiriniň orunbasary, maýor.