Ýaşlar – döwletimiziň güýç-kuwwaty

13 Ýanwar 2021
1262

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň döwrümiziň barha ösýän talaplaryna laýyk bilim almagyny, dürli hünärleri öwrenmegini, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagyny, merdana ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhunda, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş ýörelgeleriniň esasynda terbiýelenmegini gazanmak, şeýlelikde ruhy, ahlak we beden taýdan kämil ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň esasyny düzýär.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy Garaşsyz Diýarymyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini aýdyň görkezýär.