Döredijilik bäsleşigi

13 Ýanwar 2021
1075

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňden görüjilikli ykdysady, medeni, durmuş syýasaty netijesinde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň dünýä derejesindäki halkara at-abraýy barha ýokary göterilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde ykrar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, parahat durmuşy, ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda alyp barýan çäksiz uly tutumly işleriniň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça guwandyryjy ösüşlere eýe bolup, beýik üstünliklere ýetilýär.