Iň çuň howuz

7 Ýanwar 2021
1646

Polşanyň paýtagty Warşawadan uzak bolmadyk ýerde dünýäde iň çuň hem uly howuz ýerleşýär. Onuň çuňlugy 45,7 metre ýetýär, 8 müň kub metr suw sygýar. Gurluşygy iki ýyla çeken howuz suwda ýüzmegi öwrenýänler we suwa çümüjiler üçin niýetlenen bolsa-da, ajaýyplyklary özünde jemleýär. Onuň içinde dürli güýmenjeler hem göz öňünde tutulandyr. Suw astynda, 5 metr çuňlukda daş-töweregiň gözelligine syn etmek mümkinçiligi bolan dury ötelge, ähli amatlyklary özünde jemleýän myhmanhana otaglary we her hili şekilli hek ösüntgileri bolan gowak bar. Suwuň düýbündäki gark bolan gäminiň, gadymy maýýalaryň ybadathanasynyň görnüşindäki maketler hem täsindir.

Öň dünýäde iň çuň howuz Italiýada ýerleşýärdi. Onuň çuňlugy 40 metrdir.