Şöhraty dünýä dolýan şäher

11 Sentýabr 2024
47

Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «akylly» şäherleriň «World Smart City Expo» atly halkara sergisinde Arkadag şäheriniň «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» atly halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» diýen ugurlar boýunça ýörite sylaglara mynasyp bolandygy hakdaky şatlykly habar ulus-ilimizi begendirdi. Nobatdaky abraýly baýraklar dag eteginiň gözel künjegindäki «akylly» şäheriň Ýer ýüzündäki şöhratynyň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.

Geçen ýylynyň tomsunda dabaraly ýagdaýda açylan, döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheri bu gün göreni haýrana goýýar. Ozal hem halkara güwänamalardyr sylaglaryň 20-den gowragynyň eýesi bolan bu şäherde ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň häzirki zaman tehnologiýalar, ýaşaýyş üçin döredilen iň amatly gurşaw «akylly» şähere gyzyklanmany artdyrýar.

Sylap KAKAJANOW,
Gökdepe etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.