Adam. Jemgyýet. Kanun.

11 Sentýabr 2024
30

Hukuk ulgamy pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar boýunça ýeňişli sepgitlere eýe bolunýar. Şeýle ösüşli döwrümizde milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde-de uly işler alnyp barylýar. Ajap eýýamymyzyň döwrebap kanunlary kabul edilýär we hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, kämilleşdirilýär. Täze kanunlar bolsa, raýat jemgyýetimiziň ösüşli ýoluna itergi berýär.