Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly çagalaryň döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň çäklerinde guralýan Türkmenistanyň zehinli çagalarynyň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna onuň welaýat we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça geçirilen tapgyrlarynda ýeňiji bolan çagalaryň 21-si gatnaşdy.
Ajaýyp döwrümiziň bagtyýar balalary bu günki bäsleşikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Olar bäsleşigiň şerti boýunça bagtyýar çagalygy, mähriban dostlugy, eziz Watanymyzy, eneleri tüýs ýürekden wasp etdiler. Olar öz çykyşlarynda ähli ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.