Islendik ata-ene perzendiniň sowatly bolmagyny, gowy bilim almagyny hem-de terbiýeli, il-güne gerekli ynsan bolup ýetişmegini isleýär. Çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde terbiýeçilere, mekdep mugallymlaryna hem-de ata-enelere uly jogapkärçilik düşýär. Esasan hem, ýaňy mekdebiň bosagasyndan ätlän çagajyklaryň hossarlary has ünsli bolmaly. Okamagy we ýazmagy ýaňy öwrenip başlan çagajyga mekdebe öwrenişmek, sapaklara girişmek kyn düşüp biler. Şol sebäpli ata-eneler mugallymlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmak bilen, çaganyň öý işlerine, sanlary we harplary ýat tutmagyna gözegçilik etmeli. Başlangyç bilimi talabalaýyk ele almak çaganyň geljegine öz täsirini ýetirýär. Hünärmenler ilkinji gezek mekdebe barýan çagalaryň ata-enelerine şu usullary ulanmagy maslahat berýärler.
Okuwyň zerurdygyny düşündirmeli. Çagalaryň köpüsi ilkibaşda mekdebe näme üçin gatnaýandygyna düşünmeýär. Şol sebäpli ata-eneler çagalara ilki bilen mekdepde berilýän bilimiň, okamagyň zerurdygyny düşündirmeli. Mysallar getirmek arkaly, näme üçin matematikany öwrenýändigini, näme üçin taryhy bilmelidigini, näme üçin daşary ýurt dilleriniň öwredilýändigini düşündirmeli. Çaganyň oňaýsyz pikirlerine täsir edip, mekdebe we okuwa bolan söýgüsini gazanmaly. Alýan bilimleriniň geljek üçin, kämil ynsan bolup ýetişmek üçin nähili zerurdygyny ynandyrmaly.