Ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nistr­lik dö­re­di­ler

6 Sentýabr 2024
28

Mek­si­ka­da ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça fe­de­ral mi­nistr­lik dö­re­di­ler. Bu ba­ra­da ýur­duň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Klau­di­ýa Şeýn­ba­um mä­lim et­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, tek­lip­le­ri çuň­ňur öw­re­nen­den soň, ozal bar bo­lan Aýal-gyz­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mil­li ins­ti­tu­tyň esa­syn­da şeý­le mi­nistr­li­gi dö­ret­mek ka­ra­ry­na ge­lip­dir. Eda­ra­nyň baş­ly­gy hä­zir­ki wagt­da «Mil­li gal­ky­nyş he­re­ke­ti­niň» (MO­RE­NA) baş sek­re­ta­ry, şeý­le hem Me­hi­ko şä­he­ri­niň se­na­to­ry bo­lup iş­le­ýän Sit­la­li Er­nan­des bo­lar.

Şeýn­bau­myň aýt­ma­gy­na gö­rä, mi­nistr­lik 2024-nji ýy­lyň 1-nji okt­ýab­ryn­dan, döw­let Baş­tu­ta­ny we­zi­pe­si­ne gi­ri­şen­den soň iş­läp baş­lar. Ze­nan­la­ryň iş­le­ri bo­ýun­ça mi­nistr­li­giň dö­re­dil­me­gi Mek­si­ka­nyň il­kin­ji ze­nan Pre­zi­den­ti bol­jak Klau­di­ýa Şeýn­ba­um ta­ra­pyn­dan öňe sür­len öz­gert­me­le­riň bi­ri­dir.