Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu prezidentlik bäsleşigine gatnaşjakdygyny resmi taýdan mälim etdi. Ol özüniň «Hereket we raýdaşlyk» partiýasy tarapyndan dalaş eder. Onuň şygarynda «Moldowa üçin Maýýa Sandu» diýen ýazgy bar. Golaýda bu partiýa öz dalaşgärini goldamak maksady bilen başlangyç toparyň döredilendigini habar berdi. Maýýa Sandu «Digital» seýilgähinde geçirilen çärede öz tarapdarlaryna ýüzlenip şeýle diýdi:
– Biz Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan bäri 2024-nji ýylda ýurdumyz üçin iň möhüm karary kabul ederis. Biz sala salşyk arkaly daşary syýasatymyzyň ugruny kesgitläris. Men biziň halkymyzyň parahatçylygy we erkinligi saýlajakdygyna ynanýaryn. Şeýle hem biz 2024-nji ýylda döwlet Baştutanyny saýlaýarys. Meniň maksatnamam düşnükli: durmuş we özara düşünişmek üçin has gowy şertler – diýip, Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu belledi.