Ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär

1 Sentýabr 2024
171

Geçen anna güni paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň açylyş dabarasy boldy. Dabarany Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Metbugat merkezi hem-de Çagalar awtoşäherçesi bilelikde guramaçylykly geçirdiler. Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň 7 — 8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde bu çärä işjeň garnaşdylar.

Okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde Çagalar awtoşäherçesiniň öňündäki meýdançada bellenen tertipde nyzama düzüldiler. Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili çykyş edip, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Çagalar awtoşäherçesinde geçiriljek çäreleriň dabaraly açylýandygyny yglan etdi. Soňra Çagalar awtoşäherçesiniň müdiri biraýlygyň dowamynda geçiriljek çäreleriň tertibi bilen dabara gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Arslan KULAÝEW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň müdiri, polisiýanyň maýory.