Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

30 Awgust 2024
145

Şöhrata beslenen Diýar

Halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagy, raýatlaryň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, döredijilik işjeňligi täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ösüşlere beslenýän döwletimiziň her güni buýsançly wakalardan doly. Agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy häzirki döwrüň şertleri bilen utgaşdyryp, berkararlygyň we bagtyýarlygyň röwşen ýolunda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanjak günlerinde türkmen halkynyň asylly däbine öwrülen we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine birnäçe wagtdan bäri taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat kitaphanasynda ýaşuly hem-de ýaş nesillerimiziň, dürli pudaklarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda «Şöhrata beslenen Diýar» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň syýasy we taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Güljemile BEDENEÝEWA,
TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri.