Janly-jandarlaryň köpüsinde sürini ýa-da maşgalasyny erkegi goraýar. Süýdemdirijileriň erkek jynslysy has duýgur we gaharjaň bolýar. Janly-jandarlaryň köpüsi özüne degişli çäge kesekileri salmazlyk üçin biri-biri bilen göreşýärler. Bu ýagdaý öküzlerde hem şeýle bolup, köplenç otlaýan meýdanyny we sürini goramak üçin süsüşýärler. Aslynda öküzler gyzyl reňki biziň görşümiz ýaly saýgaryp bilmeýärler. Sebäbi öküzleriň gözünde gyzyl reňki kesgitläp bilýän öýjükler ýok. Şol sebäpli bu jandarlar gyzyl, ýaşyl ýaly reňkleri saýgarmaýarlar. Gyzyl reňk öküzlere sary bilen çal reňkiň garyndysy ýaly bolup görünýär.
Öküzler bilen baglanyşykly maglumatlary aňryýany bilen bilýän matadorlar (öküz bilen göreşýän adam) bu jandaryň gaharyny getirmek üçin dürli emelleri ulanýarlar. Birnäçe gezek gamçy degenden soň öküz meýdançanyň içinde ylgap başlaýar. Şol wagt matador äpet şahly jandaryň öňünden çykyp, gyzyl ýapynjany eýläk-beýläk edýär. Öküz ýapynja tarap topulýan ýaly bolup, kä geçip gidýär, käte bolsa ýapynjany süsýär. Bu ýagdaý öküziň gyzyl reňki halamaýandygy bilen bagly bolman, gamçylanyp gaharynyň getirilmegi hem-de mejburlyk bilen baglydyr.