Egin-eşik­le­ri ütük­le­me­giň usul­la­ry

30 Awgust 2024
68

Egin-eşik­le­ri ütük­le­mek üns­lü­li­gi ta­lap ed­ýän ow­nuk we hy­syr­dy­ly iş ha­sap­lan­ýar. Öý bi­ke­le­ri­niň gün­de­lik ýe­ri­ne ýe­tir­ýän bu işi üst-ba­şy­my­zyň tä­miz we yk­jam gö­rün­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ys­sy ho­wa­da nah ma­ta­dan egin-eşik­le­riň köp ge­ýil­ýän­di­gi hem-de ýy­gy-ýy­gy­dan üst-ba­şyň çal­şy­ryl­ýan­dy­gy se­bäp­li, ýaz we to­mus pa­syl­la­ryn­da ütük et­mek işi has hem kö­pel­ýär. Her bir iş­de bol­şy ýa­ly, ge­ýim-ge­jim­ler ütük edi­len­de hem kä­bir zat­la­ra üns ber­me­li. Esa­san hem, ma­ta­nyň hi­li­ne gö­rä ütü­giň gyz­gyn­lyk de­re­je­si­ni saz­la­ma­gy, egin-eşi­gi gu­ru­ly­gy­na ýa-da çyg­lyly­gy­na ütük­le­me­li­di­gi­ni bil­me­li. Bu işiň köp wag­ty­my­zy al­maz­ly­gy hem-de aň­sat bol­ma­gy üçin kä­bir usul­la­ry öw­ren­me­li.

Kä­bir egin-eşi­giň ýy­gyr­dy­ny ýaz­mak kyn bol­ýar. Şeý­le egin-eşik­ler kir ýu­wu­jy ma­şy­na sal­nan­da ýum­şa­dy­jy se­riş­de guý­ma­ly. Ýuw­lup bol­nan­dan soň, do­ly gu­ra­man­ka ütük et­me­li.