Ýe­riň iň uzak ada­sy

30 Awgust 2024
67

Ada­da ýi­tip git­mek how­py aban­ýan Tris­tan al­bat­ro­sy­ny we At­lan­tik sa­ry bu­run­ly al­bat­ro­syny hem-de de­mir­ga­zyk rok­hop­per ping­wi­ni­ni gör­mek bol­ýar.

Wul­kan ar­hi­pe­la­gy­nyň bir ada­sy bo­lan Tris­tan-da-Kun­ýa Gü­nor­ta Af­ri­ka­nyň Keýp­ta­un şä­he­rin­den 2750 ki­lo­metr we Ar­gen­ti­na­nyň Bue­nos-Aý­res şä­he­rin­den 4000 ki­lo­metr uzak­lyk­da ýer­leş­ýär. Pla­ne­ta­my­zyň iň uzak­da­ky ilat­ly ýe­ri ha­sap­lan­ýan bu ada­nyň 300 tö­we­re­gi ila­ty bar. Ba­lyk­çy­la­ryň ara­syn­da «Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­nyň der­we­ze­si» ady bi­len bel­li bo­lan wul­kan ar­hi­pe­la­gy 6 ada­ny öz içi­ne al­ýar. De­mir­ga­zyk ke­na­ry – Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy ar­hi­pe­la­gyň ýe­ke-täk otu­rym­ly ýe­ri bo­lup, beý­le­ki 5 ada­da ilat ýa­şa­ma­ýar. Ada­nyň ilat­ly ýe­ri baş­ga­ça «Ýe­din­ji deň­ziň Edin­bur­gy» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýar. Gü­nor­ta At­lan­ti­ka­da­ky bu uzak ada­lar 2000-nji ýyl­la­ra çen­li köp­çü­li­ge bel­li däl­di. Di­ňe Gü­nor­ta Af­ri­ka­dan we Hin­di um­ma­ny­na bar­ýan ýol­dan gä­mi­li geç­ýän ba­lyk­çy­lar bu ýer­de adam­la­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy­ny bil­ýär­di­ler. 2011-nji ýyl­da ge­çi­ri­len «Wol­wo Açyk 70» um­man ýa­ry­şyn­dan soň, Tris­tan-da-Kun­ýa ada­sy te­le­ýaý­lym ar­ka­ly köp­çü­li­ge mä­lim edil­ýär.