Aýyň top­ra­gyn­dan suw ön­dü­ri­ler

30 Awgust 2024
44

Soň­ky ýyl­lar­da kos­mos­da iş alyp bar­ýan hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny bar­ha art­dy. In­di kos­mos gi­ňiş­li­gi di­ňe ara­gat­na­şyk we göz­leg en­jam­la­ry­nyň ug­ra­dyl­ýan ýe­ri däl-de, eý­sem, beý­le­ki yl­my bar­lag­la­ryň giň­den ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­di. Şeý­le bo­lan­soň, beý­le­ki as­man ji­sim­le­rin­de hem dür­li bar­lag­lar ge­çi­ril­ýär. Alym­lar Aýyň top­ra­gyn­dan suw al­ma­gyň usu­ly­ny oý­lap tap­dy­lar. Bu usul gel­jek­de Ýe­riň hem­ra­syn­da he­mi­şe­lik ýa­şaý­şyň ýo­la go­ýul­ma­gyn­da äh­mi­ýet­li ha­sap­lan­ýar. Hy­taý­ly aly­mlar 2020-nji ýyl­da Aý­dan ge­ti­ri­len top­ra­gy ulan­mak ar­ka­ly suw ön­dür­me­giň ýo­lu­ny öw­ren­di­ler. Ýur­duň «Chang’e-5» at­ly kos­mos gä­mi­si ar­ka­ly ge­ti­ri­len top­ra­gyň dü­zü­min­dä­ki mi­ne­ral­lar­da köp muk­dar­da wo­do­ro­dyň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Alym­lar to­pa­ry­nyň işi ba­ra­da «The In­novation» at­ly yl­my žur­nal­da ma­ka­la çap edil­di. Ma­ka­la­da to­pra­gyň gyz­dy­ry­lan­da onuň dü­zü­min­dä­ki wo­do­ro­dyň beý­le­ki ele­ment­ler bi­len hi­mi­ki tä­sir­leş­mä gi­rip, bug eme­le ge­tir­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Alym­lar 1 gram top­rak­dan 51-76 mil­lig­ram suw ön­dü­rip bol­jak­dy­gy­ny anyk­la­dy­lar. Bu bol­sa, 1 ton­na top­rak­dan 50 litr tö­we­re­gi suw alyp bol­jak­dy­gy­ny aň­lad­ýar.

Hy­ta­ýyň Kos­mos agent­li­gi 2035-nji ýy­la çen­li Ýe­riň hem­ra­sy­nyň gü­nor­ta pol­ýu­syn­da be­ket gur­mak is­le­ýär. 2045-nji ýy­la çen­li bol­sa, Aýyň or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýan kos­mos be­ke­di­niň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­dir­il­ýär.