112 ýa­şa­dy

30 Awgust 2024
48

Dün­ýä­niň iň gar­ry er­kek ki­şi­si bo­lan Jon Tin­nis­wud 112 ýa­şy­ny dol­dur­dy. 1912-nji ýy­lyň 26-njy aw­gus­tyn­da Ang­li­ýa­nyň Li­wer­pul şä­he­rin­de dün­ýä inen Tin­nis­wud Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by ta­ra­pyn­dan ber­len şa­ha­dat­na­ma bi­len su­ra­ta düş­di. Ol re­kord ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri bi­len gep­le­şen­de, nä­me üçin şeý­le uzak ýa­şan­dy­gy ba­ra­da hiç hi­li pi­ki­ri­niň ýok­du­gy­ny aýt­dy. Öm­rü­niň do­wa­myn­da «Li­wer­pul» fut­bol to­pa­ry­nyň jan­kö­ýe­ri bo­lan Tin­nis­wud ýur­duň Sa­ut­port şä­he­rin­de gar­ry­lar öýün­de ýa­şa­ýar. Ol şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da 114 ýaş­ly is­pa­ni­ýa­ly Hu­an Wi­sen­te Pe­res Mo­ra­nyň ara­dan çyk­ma­gy bi­len dün­ýä­niň iň gar­ry er­kek ki­şi­si bo­lup­dy. Ýaş wag­ty iş­jeň dur­muş­da ýa­şan­dy­gy­ny aý­dan Tin­nis­wud köp ýö­rän­di­gi­ni bel­le­ýär. Ol özü­niň beý­le­ki adam­lar­dan o di­ýen ta­pa­wut­ly däl­di­gi­ni, her ki­miň uzak ýa-da gys­ga ömür sü­rüp bil­jek­di­gi­ni, mu­nuň bi­len bag­ly ada­myň elin­den gel­ýän za­dyň ýok­du­gy­ny aýd­ýar. Tin­nis­wud uzak ýa­şa­mak ba­ra­da aý­ra­tyn syr bil­me­ýän­di­gi­ni aýd­ýar.

Ol jan­kö­ýer­lik ed­ýän «Li­wer­pul» fut­bol to­pa­ry dö­re­di­len­den 20 ýyl­dan soň­ra dün­ýä inip­dir. Klu­buň hä­zi­re çen­li ga­za­nan 66 ku­bo­gyn­dan iki­sin­den ga­la­ny­ny gö­rüp­dir. Ol milli çempionatdaky ilkinji iki 2 çempionlygy (1901-1906ý.) gör­män­dir.