Iý­mit ga­lyn­dy­syn­dan uçar ýan­gy­jy ön­dü­ri­ler

30 Awgust 2024
45

Ýo­lag­çy uçar­la­ry köp muk­dar­da ýan­gyç sarp ed­ýär. Bu bol­sa ho­wa­ny za­ýa­la­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, has tyg­şyt­ly uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni ön­dür­mek üçin yzy­gi­der­li ta­gal­la edil­ýär. Şeý­le hem awia­kom­pa­ni­ýa­lar ýan­gyç üçin az çyk­da­jy et­me­ýär­ler. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Awia­si­ýa howp­suz­ly­gy agent­li­gi daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz awia­ýan­gy­jy taý­ýar­la­ma­ga gol­daw ber­ýär. Bio­ýan­gyç ha­sap edil­ýän ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­ni ön­dür­mek üçin, esa­san, iý­mit ga­lyn­dy­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lar. Ýan­gy­jy ön­dür­mek üçin ula­ny­lan iý­mit­lik ösüm­lik ýa­gyn­dan, ma­lyň ýa­gyn­dan we beý­le­ki iý­mit ga­lyn­dy­la­ryn­dan peý­da­la­ny­lar. Mun­dan baş­ga-da, ener­gi­ýa ön­dür­mek üçin me­de­ni usul­da eki­len ösüm­lik­den peý­da­la­ny­lar. Bu ýan­gyç ýa­ky­lan­da ne­bit­den al­nan ýan­gyç ýa­ly zy­ýan­ly zer­re­jik­le­ri ho­wa goý­ber­me­ýär. Il­kin­ji no­bat­da, bu ýan­gy­jyň ada­ty ýan­gy­ja ga­ryş­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly peý­da­la­nyl­ma­gy, soň­lu­gy bi­len bol­sa ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi­niň ýaý­baň­lan­dy­ryl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Ýan­gy­jyň bu gör­nü­şi ABŞ-da hem ön­dü­ri­ler. Ýurt­da 2030-njy ýy­la çen­li ýyl­da 3 mil­liard gal­lon ho­wa gä­mi­le­ri üçin bio­ýan­gyç ön­dü­ril­me­gi mak­sat edi­nil­ýär. 2050-nji ýy­la çen­li bol­sa, awia­si­ýa pu­da­gy üçin ýe­ter­lik de­re­je­de bio­ýan­gyç ön­dü­ri­ler.