Gy­zyl saç­ly­la­ryň fes­ti­wa­ly

30 Awgust 2024
56

Ni­der­land­la­ryň Til­burg şä­he­rin­de däp bo­lan gy­zyl saç­ly­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Üç gün­läp do­wam eden şü­we­le­ňe 80 ýurt­dan 10 müň adam gat­naş­dy. Fes­ti­wa­lyň çäk­le­rin­de gat­na­şy­jy­lar ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­dü­ler, şeý­le-de sa­çy­ň be­je­ri­lme­gi, se­net­çi­lik iş­le­ri ýa­ly çä­re­ler ge­çi­ril­di.

Ýurt­da gy­zyl saç­ly­la­ryň fes­ti­wa­ly il­kin­ji ge­zek 2005-nji ýyl­da hö­wes­jeň su­rat­keş Bart Ru­wen­hors­tyň 15 sa­ny gy­zyl saç­ly mo­del tap­mak üçin ga­ze­te bil­di­riş ber­me­gi bi­len baş­lap­dyr. Bil­dir­iş­e 150 adam ýüz tu­tup­dyr. Şeý­le köp gy­zyl saç­lynyň bar­dy­gy­na haý­ran ga­lan Ru­wen­horst şular ýaly çä­rä­ni gu­ra­mak ka­ra­ry­na ge­lip­dir.