«Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýe bolup, ondan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda tehnologiýanyň häzirki zaman hem-de öňdebaryjy çözgütlerini durmuşa ornaşdyrmak möhüm bolup durýar. Munda robotlary taýýarlamagyň hem-de soňky ýyllarda has köp üns berilýän emeli aň ulgamynyň hem uly hyzmatynyň bardygyny bellemeli.
Robototehnikanyň bu esasy ýörelgeleri, başgaça aýdylanda, önümçilik tapgyrlary möhüm bolup durýar. Bu ugurda robotlaryň işlenip taýýarlanylmagyna esaslyk nazary bilimler we amaly tejribeler hökmany zerurdyr. Robototehnika bilim üçin ählumumy guraldyr. Ýaşlara robot enjamlaryny ulanmagy öwretmek, şol bir wagtyň özünde oýnamak we tehniki döredijilik bilen öwrenmegi aňladýar. Bilim beriji robot enjamlary başlangyç döwürde okuwçylaryň tehniki meýillerini kesgitlemäge we olary bu ugurda kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.