Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy röwşen geljege, belent sepgitlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baky berkararlygynyň hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň mizemez kepili bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilýär. Garaşsyzlyk baýramy gazanan üstünliklerimize buýsanç döredýän, şöhratly geçmişimize, nurana geljegimize ynamy goşalandyrýan beýik baýramdyr. Garaşsyzlyk milletiň we döwletiň ykbalyna ägirt uly täsir edýän milli gymmatlyklarymyzyň naýbaşysydyr. Garaşsyzlyk baýramy pederlerimiziň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, garaşsyz döwlet, adalatly jemgyýet hakynda ençeme asyrlap edip gelen arzuwlarynyň wysal bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şu nukdaýnazardan, arşyň altyn şuglasyna, tylla Günüň nuruna deňelýän Garaşsyzlyk mukaddes düşünjedir. Çünki ykbaly çüwüp, bagty göterilen her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän bu keremli söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemleýär. Merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýän bu gudratly söz milletimiziň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr.
Garaşsyzlyk ýurt berkararlygymyzyň sarsmaz sütünidir, erkanalygymyzyň mäkäm binasydyr. Garaşsyzlyk milletimize egsilmez güýç berýän, nesillere ynam berýän gudratdyr. Ine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şu aýratynlyklary barada oýlananyňda kalbyňy: «Garaşsyzlyk – ykbaly göterilen türkmeniň bagtynyň al-asmanda ganat ýaýmasy!» diýen buýsançly owaz gaplap alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň tyllaýy säherinden başlanýan toýdur baýramlara beslenýän bagtyýar, bagtly, şatlykly günlerimiz biri-birine zynjyr kimin sepleşip, her bir türkmenistanlyny bagtly geljegine sary ynamly alyp barýar. Bagt ýollaryndan batly gadamlar bilen barýan türkmen halkynyň ykbaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde tanalmaz derejede özgerdi.