Syýasy işjeňlik — döwrüň talaby

28 Awgust 2024
106

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny berkitmekde ýadawsyz tagalla edilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly boldy. Bu kanun jemgyýetimizde giň gatlagy emele getirýän kärdeşler arkalaşygyny döretmegiň, olaryň hereket etmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň hukuklaryny, borçlaryny, iş berijiler bilen gatnaşygyny, ilkinji guramalaryň ygtyýarlyklaryny, kärdeşler arkalaşyklarynyň döwlet tarapyndan goldanylmagyny we onuň işiniň kepilliklerini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi häzirki wagtda 7 sany etrap birleşmesini, 1219 sany ilkinji guramany, 167 238 agzany özüne birikdirýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän belent sepgitleri, taryhy maksatnamalary, kabul edilýän kararlary, hususan-da, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ähli ulgamlarda, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde gazanylýan guwandyryjy, ýokary önümçilik görkezijilerini ilat arasynda düşündirmekde we wagyz etmekde işjeňlik görkezýärler.

Güljemal NAZAROWA,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.