Su­per Ku­bo­gy hem «Ba­ýer» eýe­le­di

23 Awgust 2024
86

Ger­ma­ni­ýa­da ge­çen möw­süm­de ta­ry­hyn­da­ky il­kin­ji çem­pi­on­ly­gy­ny hem-de 2-nji ge­zek ýur­duň ku­bo­gy­ny ga­za­nan «Ba­ýer» to­pa­ry Su­per Ku­bo­ga hem my­na­syp bol­dy. Bu ugur­da wi­se-çem­pi­on «Ştut­gart» bi­len du­şu­şan le­wer­ku­zen­li­ler ýe­ne-de soň­ky mi­nut­lar­da ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy­lar. 11-nji mi­nut­da Bo­ni­feý­siň go­ly bi­len öňe ge­çen «Ba­ýe­riň» der­we­ze­sin­den 15-nji mi­nut­da Mil­lo ha­sa­by deň­län go­ly gi­riz­di. 37-nji mi­nut­da «Ba­ýer­den» Mar­tin Ter­rie gy­zyl kart al­dy. 63-nji mi­nut­da De­niz Un­daw «Ştut­gart» to­pa­ry­ny 2-1 ha­sa­byn­da öňe çy­kar­dy. 73-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Pat­rik Şik 88-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­le­di. Goş­ma­ça wagt be­ril­mez­den, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da «Ba­ýer» 4-3 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, il­kin­ji ge­zek Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­ny eýe­le­di. Le­wer­ku­zen­li­ler bu ku­bo­gy ga­za­nan 9-njy to­par bol­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy du­şu­şy­gy il­kin­ji ge­zek 1987-nji ýyl­da ge­çi­ri­lip, «Ba­wa­ri­ýa» 10, «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» 6, «Wer­der» 3 ge­zek ýeňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Du­şu­şyk 1997-2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­me­di.

Şeý­le-de, Ang­li­ýa­nyň Su­per Ku­bo­gy­na «Man­çes­ter Ýu­naý­te­di» pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýe­ňen «Man­çes­ter Si­ti» my­na­syp bol­dy (1-1, 7-6 p). Bu şä­her­li­le­riň 5 ýyl­dan soň il­kin­ji, umu­my­lyk­da-da 7-nji Su­per Ku­bo­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.