Dyr­nak­da­ky ala­mat­lar nä­mä­ni ha­bar ber­ýär?!

23 Awgust 2024
72

Be­de­ni­miz­dä­ki kä­bir ala­mat­lar sag­lyk bi­len bag­ly köp za­dy aý­dyp bi­ler. Esa­san hem, aýa­da­ky we dyr­nak­da­ky kä­bir üýt­geş­me­le­re has üns­li çe­me­leş­me­li. Ame­ri­ka­ly der­ma­to­log­lar dyr­nak­da ýü­ze çyk­ýan ala­mat­lar bi­len bag­ly bar­lag­lar ge­çi­rip, şeý­le ne­ti­jä ge­len­dik­le­ri­ni bel­le­ýär­ler.

Sa­ry dyr­nak­lar. Dyr­na­gyň sa­ral­ma­gy ýaş bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­da ýü­ze çyk­ýar. Luk­man­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, do­wam­ly çi­lim çek­mek dyr­nak­la­ryň sa­ral­ma­gy­na ýa-da dyr­nak­da sa­ry teg­mil­le­riň dö­re­me­gi­ne ge­ti­rip bil­ýär. Sa­ry dyr­nak köp­lenç dem alyş ýol­la­ryn­da­ky kä­bir ke­sel­ler we el-aýak­la­ryň çiş­me­gi ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär.